TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “TPP D 30S” kysymly polipropilen ýokary islege eýe boldy
13.09.2024 | 08:24 |Penşenbe güni, 12-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “TPP D 30S” kysymly polipropilen ýokary islege eýe boldy.
Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 800 000 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news