Iň täze habarlar

Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşmek strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy

13.09.2024 | 01:47 |
 Aşgabatda neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşmek strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy

12-nji sentýabrda Aşgabatda “Neşe wehimine garşy göreşmegiň sebit guraly hökmünde CARICC-yň maksatlary, wezipeleri, gazanan üstünlikleri we geljekki mümkinçilikleri” atly tema boýunça brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkezi tarapyndan gurnalan brifinge degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň bilermenleri ýygnanyşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa çykyş etdi. Ol häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda CARICC-yň taslamalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine Türkmenistanyň işjeň gatnaşjakdygy barada belläp geçdi.

13092024--ashhabade-obsudili-protivodejstviya-narkobiznesu (1).jpg

Brifingiň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkezi direktory Atageldi Ýazlyýew hem-de BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýat işlerine garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň Sebit wekili Oliwer Stolpe çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat utgaşdyryş merkeziniň sebit we halkara derejesindäki işiniň netijeleri baradaky çykyşlary diňläp, neşe serişdeleriniň halkara söwdasyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip, türkmen DIM-niň habarlar gullugy belleýär.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: