Iň täze habarlar

Dünýäde ilkinji üç taý gabsaly ýygnalýan samrtfon bilen tanyşdyryldy

11.09.2024 | 11:46 |
 Dünýäde ilkinji üç taý gabsaly ýygnalýan samrtfon bilen tanyşdyryldy

Huawei kompaniýasy dünýäde ilkinji üç taý gabsaly ýygnalýan Mate XT samrtfony bilen tanyşdyrdy.

Smartfon çeýe displeýe, iki birleşdirijä we üç taý gabsa eýedir.

Birleşdirijileriň birisi Huawei Mate XT smartfony daşyna epýär, ikinjisi bolsa – içine epip, Z-görnüşli gurluşy hödürleýär. Doly ýygnalan görnüşinde displeýiň 6,4 düýmlik çep tarapy daşky ekran hökmünde ulanylyp, modeliň galyňlygy 12,8 mm deňdir. Açylan görnüşinde galyňlygy 3,6 mm deňdir.

Huawei Mate XT ekrany bölekleýin iki taý gabsa açyp, 7,9 düýmlik diagonaly görnüşinde bolýar, doly açylan görnüşinde ol 10,2 düýme barabardyr. Bu 2232 x 3184 pikselli LTPO OLED matrisasydyr. Paneliň ultrainçe gorag örtügi hem bar. Täze modeliň akkumluýatorynyň sygymy 5600 mA/s deňdir. Model 66 Wt simli hem-de 50 Wt simsiz kuwwatyny saklaýar. Yzky panelde üçli kamera ýerleşdirilen: 1/1,56 düýmli 50 megapiksellik sensorly we f/1,4-den f/4,0-e çenli aperturaly esasy kamera, 12 megapikslellik (f/2,2) giňeldilen kamera, 12 megapiksellik 5,5 esse giňeltmeli periskopik kamera; displeýiň çep taý gabsasynyň açyk ýerinde awtoporter we wideoaragatnaşyk üçin 8 megapiksellik frontal kamerasy hem bar. Ony telefonuň açylan hem-de ýygnalan görnüşinde ulanyp bolýar.

Huawei Mate XT Bluetooth 5.2 işledip bilýär, IK-porty hem bar, programma platformasy hökmünde HarmonyOS çykyş edýär.

Smartfon bilen bilelikde daşlyk - aşagyna goýulýan enjam hökmünde hem ulanylyp bilinýär, Huawei FreeBuds 5 nauşnikler, ulgam (66 Wt) we awtomobil (88 Wt) kuwwat beriji enjamlar bar. Goşmaça ýygnalýan klawiatura hem bar.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: