TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy
12.09.2024 | 09:09 |Çarşenbe güni, 11-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagaty hem-de nebithimiýa pudagynyň önümleri ýokary islege eýe boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de Ukraina döwletleriniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem olar “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden we türkmen işewürlerinden “ECO 93” kysymly awtoulag benzini hem-de dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn aldylar.
Türkmenistanyň işewürler-toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli önümleri hem-de nah ýüplükleri satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 428 000 manada we 39 360 910,5 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.