Iň täze habarlar

Türkmenistan bilim ulgamyny kämilleşdirmekde birnäçe halkara ylmy çärelerine badalga berýär

13.09.2024 | 23:57 |
 Türkmenistan bilim ulgamyny kämilleşdirmekde birnäçe halkara ylmy çärelerine badalga berýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli ylmy çäreleriň geçirilmegi barada habar berdi.

Esasy çäreleriň içinde:

16-17-nji oktýabr aralygynda – Türkmen oba hojalyk institutynda onlaýn görnüşinde geçiriljek “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ylmy taslamalaryň halkara bäsleşigi;

1-nji noýabr – Türkmen döwlet maliýe institutynda “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” atly Açyk halkara internet-ders bäsleşigi;

6-njy noýabr – S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

13-nji noýabr – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi” atly halkara maslahaty;

15-nji noýabr – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Maliýe” boýunça Açyk halkara internet-ders bäsleşigi;

29-njy noýabr – “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;

18-20-nji noýabr aralygynda – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Filosofiýa” hem-de 21-23-nji noýabr aralygynda – “Ykdysadyýet” boýunça halkara internet-ders bäsleşikleri;

20-nji noýabr – Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwerstitetinde “Biologiýa” boýunça III Halkara internet-ders bäsleşigi;

25-30-njy noýabr aralygynda – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýa” boýunça III Halkara ders bäsleşigi.

Bu çärelere Russiýanyň, ABŞ-niň, Hytaýyň, Günorta Koreýanyň, BAE-nyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýeniň, Belarusyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň we alymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri medal we degişli diplomlar bilen sylaglanylar.

Geçirilýän ylmy ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ösdürilmegine hem-de ykdysadyýetiň çalt depginde ösdürilýän pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: