Iň täze habarlar

Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

28.08.2024 | 23:15 |
 Türkmenistan we Gyrgyzystan Hytaýdan Hazara çenli ulag geçelegesi baradaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Bişkekde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nury Golliýew bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýewiň arasynda 27-nji awgustda bolup geçen duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň we sebit hyzmatdaşlygynyň esasy başlangyçlary we taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr halkara ýük daşalyşy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň wajyplylygy barada aýratyn nygtap geçmek bilen, sebitiň üstaşyr we ulag-logistika potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik açýan Hytaý Halk Respiblikasyndan Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň üsti bilen soňra Türkmenistandan Hazar deňzine çenli ulag geçelgesiniň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Şeýle-de Nury Golliýew energetika we oba hojalyk pudaklary boýunça netijeli hyzmatdaşlyk barada aýdyp, özara söwdanyň oňyn ösüşini hem belledi. Diplomat Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministrine 10-11-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty barada habar berdi.

28082024-turkmenistan-i-kyrgyzstan-obsuzhdayut-klyuchevye-proekty-i-transportnyj-koridor (3).jpg

Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň Habarlar gullugynda bellenilişi ýaly, gepleşigiň dowamynda senagat pudagynda hyzmatdaşlyk hem-de beýleki wajyp meseleler boýunça mümkinçilikler ara alynp maslahatlaşyldy. Taraplar 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýulynda Çolpon-atada geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanerwer hyzmtadşlygy boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara komissiýasynyň 6-njy mejlisiniň netijelri boýunça ýetilen ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

28082024-turkmenistan-i-kyrgyzstan-obsuzhdayut-klyuchevye-proekty-i-transportnyj-koridor (4).jpg

ORIENT news

Foto: mineconom.gov.kg

Şeýle hem okaň: