Iň täze habarlar

Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar

28.08.2024 | 17:05 |
 Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar

Türkmenistan Tatarystany sement we beýleki gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge taýýar. Bu barada 27-nji awgustda Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-tatar iş toparynyň 9-njy mejlisinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew habar berdi.

“Şu ýyl kuwwatlylygy ýylda 1 mln tonna önüm çykarýan iki sany sement zawody işe girizildi. Munuň bilen baglylykda bu mesele boýunça ägirt uly mümkinçilikler bar, we olardan peýdalanmak zerur” – diýip, Joraýew belledi.

Türkmenistanyň ähli sement zawodlarynyň kuwwatlylygy ýylda 5 mln tonna önüme barabar. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyklykda iň öňdebaryjy sement markalaryny çykarýarlar.

Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň aýtmagyna görä, Tatarystanda köp sanda täze desgalar gurulyp, sement ýetmezçiligi ýüze çykýar.

28082024-turkmenistan-gotov-postavlyat-tatarstanu-cement (2).jpeg

“Şu ýyl sement Eýrandan hem getirildi. Bu ýyl bolmasa, indiki ýyl özara hasaplaşyklara görä sement meselesini ara alyp maslahatlaşyp, sementi getirmek boýunça ylalaşyk düzmek mümkin bolar” – diýip, “Tatar-inform” ministriň sözlerini getirýär.

“AK Bars” gämi gurluşyk korporasiýasynyň daşary kooperasiýa boýunça Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Ýemelýuşin kompaniýanyň Türkmenistanda gämi gurmak maksatnamasyna gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Korporasiýa tarapyndan A.M.Gorkiý adyndaky Zelenodal zawodyndan Türkmenistana eýýäm A 145 taslamasynyň iki ýokary tizlikli ýolagçy gämisi getirildi.

“Olar Hazar deňziniň akwatoriýasynda üstünlikli öz işini dowam edýärler. Gämileri işletmek bilen bagly ähli meseleler gysga wagtyň içinde çözülýär” – diýip, A.Ýemelýuşin belledi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: