Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmennebit” hem-de “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi

29.08.2024 | 09:19 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmennebit” hem-de “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi

Çarşenbe güni, 28-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmennebit” hem-de “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy atyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen el halysyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 404 666,82 manada we 935 000 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: