Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Kataryň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy bilen duşuşygy

29.08.2024 | 10:17 |
 Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň Kataryň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy Saad bin Ali Al Harji bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler we bu pudakda ýetilen üstünlikler, hususan-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hem-de ajaýyp binalary bilen köpleri haýran galdyrýan “Arkadag” şäheri barada aýdyp geçdi.

Katar Döwletiniň Syýahatçylyk boýunça edarasynyň başlygy Saad bin Ali Al Harji Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin gerekli işleriň alynyp barylmagynyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýylyň şygary bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly barada hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäreler barada durulyp geçildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisihanast tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: