Iň täze habarlar

Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Eýranyñ Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

28.08.2024 | 20:50 |
 Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Eýranyñ Beýik ruhy Lideri bilen duşuşdy

Türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tähranda iş saparynda bolup, Eýran Yslam Respublikasynyñ Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu günki gün türkmen-eýran hyzmatdaşlygy ýokary ösüş bilen tapawutlanýandygy barada aýratyn nygtap geçdi. Bellenilişi ýaly, Tährana bolan bu iş sapary biziñ ýurdumyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyñ arasyndaky hyzmatdaşlygyna uly üns berilýändiginiñ aýdyñ subutnamasydyr.

"Söhbetdeş bolanlar dürli ugurlar boýunça, esasan hem medeni we ynsanperwer ugry boýunça ägirt uly güýje we giñ mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giñeltmek baradaky pikirleriñ tarapdary boldular" - diýip, TDH gullugynyñ habarynda aýdylýar.

28082024-glava-halk-maslahaty-turkmenistana-vstretilsya-s-verhovnym-liderom-irana (2).jpg

"Soñky ýyllarda Eýran bilen Türkmenistanyñ arasyndaky gatnaşyklar oñaýly ýagdaýda ösdürilýär, emma ulanylmagy zerur bolan geljekki hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçiligi bardyr" - diýip, ISNA eýran agentligi Ali Hameneýiniñ sözlerini getirýär.

ORIENT news

Foto: isna.ir

Şeýle hem okaň: