Iň täze habarlar

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniñ netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

28.08.2024 | 18:20 |
 Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniñ netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Bu gün Tähranda türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyñ we Eýran Yslam Respublikasynyñ Prezidenti Masud Pezeşkianyñ arasyndaky duşuşygynyñ netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Olaryñ arasynda iki ýurduñ Daşary işler ministrlikleriniñ arasyndaky hyzmatdaşlygynyñ 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy, Türkmenbaşy halkara deñiz portunyñ we Amirabad portunyñ arasyndaky doganlyk gatnaşyklary boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama, "Türkmengaz" Döwlet konserniniñ we Eýranyñ Milli gaz kompaniýasynyñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama, şeýle-de Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugynyñ we Eýran Yslam Respublikasynyñ Gümrük dolandyryşynyñ arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygy giñeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriñ Maksatnamasy bardyr. Bu harada TDH gullugy habar berýär.

Degişli ministrlikleriñ ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyñ we Masud Pezeşkianyñ gatnaşmagynda bu resminamalara gol çekdiler.

ORIENT news

Foto: isna.ir

Şeýle hem okaň: