Iň täze habarlar

Mawrikiý Respublikasynyň Ilçisi Türkmen parlamentiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

27.08.2024 | 16:40 |
 Mawrikiý Respublikasynyň Ilçisi Türkmen parlamentiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

27-nji awgust, sişenbe güni Türkmenistandaky Mawrikiý Respublikasynyň (hemişelik oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Heswar Janke Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.

Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini bu ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli parlamentiň Başlygy we ilçi söhbetdeş bolup, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda pikir alyşdylar.

Şeýle-de Heswar Janke Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşyk geçirdi. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan esasy ugurlaryny belläp, ony ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirdiler.

Taraplar mundan beýläk hem halkara meýdançada iki ýurduň başlangyçlaryny goldamak babatda ylalaşdylar. Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak maksady bilen daşary syýasy edaralarynyň arasynda yzygider syýasy geňeşmeleri geçirmek teklip edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn resminamalaryny işläp düzümek meselelerine aýratyn üns berildi.

5G4X4XbQCc7Ie64wQltgsNiQmQhG6q-1500x800.jpg

Türkmenistanyň DIM-de habar berilişi ýaly, oba hojalyk, suw serişdelerini dolandyrmak we syýahatçylyk pudaklarynda tejribe alyşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Mawrikiý – ada döwleti bolup, Hindi ummanynyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Ilat sany – 1,3 mln adam, 68 % - hindi mawrikilylar (Hindisatndan we Päkistandan gelip çykanlar). Paýtagt şäheri – Port-Lui. Ykdysady taýdan Mawrikiý Afrika ýurtlarynyň içinde ikinji ýerde duran baý ýurt hasaplanylýar, şeýle-de BMG-niň adam ösüşiniň indeksi boýunça “ýokary derejeli” ýurtlarynyň hataryna girýär. Maliýe hyzmatlary we syýahatçylyk, oba hojalyk we taýyn harytlaryň eksporty Mawrikiniň ykdysadyýetiniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Mawrikiý Afrikanyň işewür we maliýe merkezleriniň biri hökmünde ykrar gazanmaga başardy.

Türkmensitan we Mawrikiý Respublikasy 1997-nji ýylyň 2-nji iýulynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdular.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm/mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: