Iň täze habarlar

Aşgabatda Somaliniň täze Ilçisi resmi taýdan wezipesine girişdi

27.08.2024 | 20:10 |
 Aşgabatda Somaliniň täze Ilçisi resmi taýdan wezipesine girişdi

27-nji awgust, sişenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohametden ynanç hatlaryny kabul etdi.

Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat oňyn bitaraplyk, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan parahatsöýüjilikli strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy.

27082024-posol-somali-v-ashhabade (2).jpg

Mejlisiň saýtynda habar berilişi ýaly, taraplar parlament diplomatiýasy arkaly hökümetara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk işinde tejirbe alyşmaga taýýardyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň DIM-niň habaralar gullugy daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Somaliniň ilçisi Fathudin Ali Mohamediň (hemişelik oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda bü günki geçirilen duşuşyk barada habar berdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar halkara guramalarynyň, esasan hem, BMG-niň we YHG-niň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary putalanadyrmaga gyzyklanma bildirip, DIM-iň derejesinde yzygider syýasy geňeşmeleriniň geçirilmegi barada ylalaşdylar.

27082024-posol-somali-v-ashhabade (3).jpg


Somali Federatiw Respublikasy yklymyň gündogarynda ýerleşen “Afrikan şahy” diýlip tanalýan Somali ýarymadasynyň aglaba bölegini tutup, Jibuti, Efiopiýa we Keniýa bilen serhetleşýär. Ýurduň ilat sany – 15 mln adam. Paýtagt şäheri – Mogadişo şäheri.

Türkmenistan we Somali 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda resmi taýdan dipomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular. 2020-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanda Somaliniň ilkinji ilçisi bellenildi.

ORIENT news

Foto: mejlis.gov.tm/mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: