Iň täze habarlar

Kazanda Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy

26.08.2024 | 15:06 |
 Kazanda Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy

“Kazan Expo” Halkara sergi merkezinde Russiýanyň nebitgaz pudagyndaky iň uly halkara çäreleriniň biri bolan Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy açyldy.

Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow forumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, respublikanyň döwlet edaralarynyň portaly habar berýär.

Forumyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Tatarystanyň Raisi häzirki wagtda ylmy we tehnologiki mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň we respublikanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegiň aýratyn möhümdigini belledi. Şeýle hem Rustam Minnihanow forumyň özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek we dünýä ykdysadyýetindäki geosyýasy üýtgeşmeleriň netijelerini ýeňip geçmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp meýdança boljakdygyna umyt bildirdi.

Bu ýyl forum Tatarystanda ylmy we tehnologiki ösüş ýylyna bagyşlanýar.

Forumyň çäklerinde 200-den gowrak öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryny bir ýere jemleýän däp bolan “TatOilExpo-2024” halkara sergisi geçirilýär. Gatnaşanlaryň geografiýasy Russiýanyň 20-den gowrak sebitini, şeýle hem Belarus Respublikasyny, Gazagystan Respublikasyny, Türkmenistany, Özbegistany we Saud Arabystany Patyşalygyny öz içine alýar.

Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumynyň çäginde “Gazprombank” paýdarlar jemgyýetiniň iş ertirligi, “Uglewodorodlaryň mineral-çig mallary gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman çagyryşlary we ileri tutulýan meseleleri çözmegiň ýollary” atly umumy mejlis, gurluşyk pudagynda, ýol gurluşygynda we beýleki pudaklarda respublikanyň nebithimiýa önümleriniň ulanylyşyny giňeltmek boýunça mowzuklaýýyn tegelek stollar bolar.

Tatarystanyň nebitgazhimiýa forumy 28-nji awgusta çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: evening-kazan.ru

Şeýle hem okaň: