Iň täze habarlar

Owganystan Özbegistanda ilçisini belledi

25.08.2024 | 23:40 |
 Owganystan Özbegistanda ilçisini belledi

Owganystanyň DIM-de habar berilişi ýaly, Abdul Gaffar Tirawi Özbegistanda Owganystanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellenildi. TOLOnews habar bermegine görä, iki tarap bu mesele boýunça ylalaşyklara gelip, täze ilçi ýakyn geljekde Daşkende öz wezipelerine girişjekdigi barada DIM-de bellediler.

Şeýle-de DIM-de käbir ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýokarlandyrylmagy barada ylalaşyklara ýetilendigini bellenildi.

Daşkentde täze owganly ilçisiniň bellenilmegi bir hepde mundan ozal Kabulda özbek harytlarynyň sergisi we iki ýurduň ýokary wezipeli resmi wekilleriniň duşuşygynyň yzýanyndan bolup geçdi. Bu duşuşyklaryň dowamynda 2,5 mlrd amerikan dollary möçberinde maýa goýum we söwda ylalaşyklarynyň 35-ne gol çekildi.

Mundan öň bolsa, Owganystanyň BAE-däki Ilçisi, Astanada owgan ilçihanasynyň işleriniň wagtlaýyn ynanylan wekili bellenildi. 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanyň wekiline Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy.

ORIENT news

Foto: podrobno.uz

Şeýle hem okaň: