Iň täze habarlar

Eýranyň täze ministri nebit önümçiligini artdyrmak meýillerini yglan etdi

24.08.2024 | 11:48 |
 Eýranyň täze ministri nebit önümçiligini artdyrmak meýillerini yglan etdi

Eýranyň täze nebit ministri Mohesen Paknejad ýurtda çig nebitiň önümçiligini artdyrmak baradaky meýillerini yglan etdi diýip, “Kazinform” halkara habarlar agentligi habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, nebit känlerini özleşdirmekde täze taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin has köp daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek isleýändigini aýtdy.

Mohesen Paknejad heniz ministrlige dalaşgär bolan döwründe Eýranyň parlamentiniň öňünde çykyş edende, indiki Eýran senenama ýylynyň ahyryna çenli Eýranda nebit önümçiliginiň günde 400 müň barrele çenli ýokarlanjakdygyny aýtdy.

Soňky hökümet maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Eýran ortaça 3,6 million barrel nebit öndürýär.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: