Iň täze habarlar

Gazagystan we Türkmenistan özara awtoulag daşalyşlaryny ýeňilleşdirýärler

23.08.2024 | 00:15 |
 Gazagystan we Türkmenistan özara awtoulag daşalyşlaryny ýeňilleşdirýärler

Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi Gazagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň asrasyndaky Ylalaşyga girizilen üýtgetmelerini neşir etdi. Kazinform agentliginiň habar bermegine görä, bu üýtgetmeler awtoulagda serhetüsti ýük daşalyşynynda rugsatnamalary ýatyrýar.

Açyk Kadalaşdyrjy hukuk namalarynyň gazak saýtynda neşir edilen resminamada döwletleriň arasynda awtoulag serişdeleri arkaly ýük daşalyşlary we olaryň çaginde üstaşyr geçirilişi rugsatnamasyz amala aşyryljakdygy görkezilýär. Häzirki wagtda üýtgetmeler açyk garama tapgyrynda bolup, ol 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda tamamlanar.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň hökümetleri “döwletleriň arasynda awtoulag aragatnaşygyny amala aşyrylmagyny ýeňilleşdirmek üçin oňaýly şertlerini üpjün etmek maksady bilen” bu üýtetmeler bilen ylalaşdylar. Onuň güýje girmegi üçin Teswirnamanyň kabul edilmeginden soň 30 gün gerek bolar.

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriniň ilkinji orunbasary Roman Sklýar Tükmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Batyr Atdaýew we Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşygy geçirdi. Olar gazak-türkmen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de energetika pudagynda hyzmatdaşlyk barada ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurt hem hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär.

Şeýlelikde, bäş ýylyň içinde ýurtlaryň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 4 esse köpeldi, soňky ýyl boýunça 28 % ýokarlandyryldy. Şu ýlyň 6 aýy boýunça söwda aýlanyşygy 237,2 mln $ barabar boldy.

2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda ulag, üstaşyr geçiriliş we logistika meseleleri boýunça Türkmen-Gazak Iş toparynyň ilkinji mejlsii geçirilip, Ulag özarabaglanyşygy baradaky Ähtnamananyň gol çekilmegi bilen tamamlandy.

ORIENT news

Foto: QazAvtoJol

Şeýle hem okaň: