Polşa daşary ýurtlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin elektron gözegçiligini girizýär
09.09.2024 | 16:04 |Polşanyň hökümeti Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlarlardan gelýän ýük daşalyşlary üçin hökmany elektron bellige alnyş ulgamyny girizýär. Bu barada respublikanyň wise-premýeri we Milli goranmak ministri Wladislaw Kosinýak-Kamyş žurnalistlere habar berdi.
Täzeçillik noýabrdan başlap güýje giriziler.
“Polşanyň ýük daşaýjylarynyň isleglerini kanagatlanrymak bilen biz Ýewropa Bileleşginiň daşyndaky üçünji derejeli ýurtlaryň ulag kompaniýalary tarapyndan amala aşyrýan ýük daşalyşlary üçin hökmany elektron bellige alnyş ulgamynyň işleýişini tizleşdirýäris” – diýip, ministr habar berdi.
Bu çäre ýük daşamalarynda nähak bäsdeşlige garşy göreşmek maksady bilen girizildi.
ORIENT news