Iň täze habarlar

Türkmen nebit we gaz uniwersiteti hem-de Gruziýanyñ tehniki uniwersiteti göni aragatnaşygy ýola goýýarlar

09.09.2024 | 23:41 |
 Türkmen nebit we gaz uniwersiteti hem-de Gruziýanyñ tehniki uniwersiteti göni aragatnaşygy ýola goýýarlar

9-njy sentýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Aşgabat ş.) hem-de Gruziýanyñ tehniki uniwersiteti iki ýokary okuw mekdebiniñ arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnanamy taýýarlamak babatynda onlaýn duşuşygy geçirdiler.

Duşuşykda taraplar ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek, iki ýurduñ ýokary tehniki okuw mekdepleriniñ arasyndaky hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy giñeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki maslahatlary, ylmy forumlary we ylmy-barlag taslamalaryny hem-de talyplaryñ we mugallymlaryñ arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny geçirmek mümkunçiliklerine garaldy.

Taraplar akademiki ylymda hem-de iki ýurduñ milli ykdysadyýetini ösdürmegiñ döwrebap meselelerine alymlary çekmekde göni gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny bildirdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: