Gucci we Balenciaga brendleriniň eýeleri bir günüň içinde 1 mlrd ýewro girdejisini ýitirdi
10.09.2024 | 10:22 |9-njy sentýabrda geçirilen söwdalaşyklarynyň dowamynda Gucci, Yves Saint Laurent, Bottega Veneta, Balenciaga we beýleki modalar öýlerini dolandyrýan “Kering” fransuz kompaniýalar toparynyň paýnamalary 4,36%, bir san üçin 225,95 ýewro çenli pese düşdi.
Bir günüň dowamynda “Kering” 1 mlrd ýewro gowrak bazar bahasyny ýitirdi.Bu barada Euronext Paris ady bilen tanalýan Parižyň gazna biržasy habar berýär.
Soňky gezek bir kagyz üçin 226 ýewro pes möçberde “Kering” paýnamalary 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda söwdalaşyldy.
“Kering” kompaniýasynyň nyrhlary Beýik Britaniýada we dünýäde iň iri maliýe birleşikleriniň biri bolan Barclays bankynyň derňewçileri tarapyndan kompaniýanyň paýnamalaryna bazar nyrhyndan az baha berilendiginden soňra pese düşdi. Bu bolsa kompaniýanyň kagyzlarynyň soňky ýedi hepdäniň dowamynda bir günde iň pese düşen ýagdaýy boldy.
Geçen hepde Aziýa tarapyndan isleg bilen baglanyşykly ätiýaçlyklaryň netijesinde pese düşen LVHM we Hermesiň nyrhlarynyň biraz ýokarlanandygyna garamazdan “Kering” paýnamalary pese düşdi.
“Hytaýda islegiň pese düşmegi hasam Gucci üçin ýaramaz ýagdaý bolan ýaly” – diýip, müşderiler üçin ýazgyda Barclays bankynyň derňewçileri bellik goýdular.
Eýýäm apreliň ahyrynda derňewçiler Hytaýda Gucci önümlerine bolan isleg bilen baglanyşykly meseleleri barada aýdyp başlapdylar. Bu bolsa müşderiler tarapyndan has elýeterli harytlara ýa-da has ýokary hilli görnüşlerine bolan islegi bilen düşündirilýär.
ORIENT news