Iň täze habarlar

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini ugratdy

12.09.2024 | 12:45 |
 Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini ugratdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 11-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan owgan halkyna ynsanperwer kömegi ugradyldy. Bu türkmen-owgan serhedinde Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji, ulag we aragatnaşyk ugurlarynyň gurluşyk işlerine badalga berilmegi mynasybetli sap ýürekliligiň nyşany boldy.
Ynsanperwer ýüki çaga iýmitinden, bugdaýdan, azyk we senagat harytlaryndan, karbamid, dizel ýangyjyndan, benzinden we sementden ybarat boldy.

Bu ynsanperwer çäresi ýurdumyzyň Owganystan döwletine köpýyllyk goldaw bermek boýunça tagallalarynyň dowamaty bolup, türkmen we owgan halklarynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine mümkinçilik berýär.

Ynsanperwer ýüküniň geçirilmegi mynasybetli dabara ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem-de owgan tarapyndan ýokary wezipeli adamlar gatnaşdy.

“Türkmenistanyň mundan beýläk hem goňşy ýurda hemmetaraplaýyn, esasan hem, halkara arenasynda ykdysady we syýasy-diplomatik goldawyny bermegi dowam etdirjekdiginde owgan doganlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy ynandyrasym gelýär” – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag-aragatnaşyk we logistika infrastrukturasynyň desgalarynyň açylyş we düýbi tutulyş dabarasyndaky eden çykyşynda belläp geçdi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: