Iň täze habarlar

Aşgabatda BMG-niň binasynda “Ýaşlar we parahatçylyk” atly seminar geçirildi

23.08.2024 | 21:40 |
 Aşgabatda BMG-niň binasynda “Ýaşlar we parahatçylyk” atly seminar geçirildi

23-nji awgustda Aşgabatda BMG-niň binasynda “Ýaşlar we parahatçylyk” atly seminar geçirildi. Bu çäre "FutureSkills4All" başlangyjynyň ýaş gatnaşyjylarynyň gazanalarynyň ykrar edilmegine hem-de “Ýaşlar we parahatçylyk” plakat bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanylmagyna bagyşlanyldy.

Seminar Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Tükmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň durnuklylygyny ösdürmek” atly sebitleýin taslamanyň Türkmenistan boýunça ýurt komponentiniň çäklerinde geçirildi.

23082024-v-zdanii-oon-v-ashhabade (3).jpg

Çäre FutureSkills4All başlangyjyna gatnaşýan ýaşlaryň gazananlaryny ykrar etdi. Bu maksatnama bazarda talap edilýän endiklere eýe bolmak üçin 60-dan gowrak onlaýn-kurslary hödürleýär. Gatnaşyjylar Türkmenistanda 660 sany ýaş adamlara Coursera bilim berýän onlaýn-meýdançasyna ýol açan bu başlangyjyň çäginde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Maksatnama globalizasiýa, emeli aň, sanly endikler, buhgalteriýa hasabaty, marketing, işgär dolandyrmak, IT-goldama, bulut hasaplama, UX/UI- dizaýn, kiberhowpsuzlyk, taslama dolandyrmak, energiýanyň täzeden dikeldiläýn çeşmeleri we durnukly şäherler ýaly ugurlary öz içine alýar.

23082024-v-zdanii-oon-v-ashhabade (6).jpg

“Biz ýaşlara bäsdeşlige ukyply we çalt üýtgeýän zähmet bazaryna taýýarlanmak üçin kömek edýän FutureSkills4All başlangyjyny goldamaga örän şat” – diýip, Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili Narine Saakýan belledi. “Bu gün biz ýaş gatnaşyjylarymyzyň ajaýyp üstünliklerini belleýäris. Olaryň işe wepalylygy we zähmetleri hakykatdan hem, ruhlandyrýar. Olaryň ellerine alan endikleri Türkmenistanyň ösüşine ähmiýetli goşant goşmaga mümkinçilik berer, diýip ynanýaryn”.

23082024-v-zdanii-oon-v-ashhabade (8).jpg

“Hut ýaş nesil Türkmenistanyň geljekki ösüşini kesgitlär” – diýip, Türkmenistanda Ýaponiýanyň ilçihanasynyň wagtlaýyn ygtyýarlandyrylan wekili Hosaka Hideki seminarda eden çykyşynda belledi. “Ýaponiýa Türkmenistanda işgärleri, şol sanda ýaş işgärleri taýýarlamakda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy alyp barmakçy. Bu treninge gatnaşyjylar alan bilimlerini öz hünärleriniň geljekki ösüşi üçin üstünlikli peýdalanarlar diýip umyt edýäris”.

23082024-v-zdanii-oon-v-ashhabade (9).jpg

Seminaryň dowamynda “Ýaşlar we parahatçylyk” plakat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Bu bäsleşik öz bileleşiklerinde parahatçylygy gurmaga we oňaýly üýtgetmeleri girizmäge bolan garaýyşlaryny paýlaşmakda ýaşlary höweslendirmek üçin gurnalyp, ýeňijiler sowgatlar we degişli şahadatnamalar bilen sylaglanyldy.

23082024-v-zdanii-oon-v-ashhabade (12).jpg

ORIENT news

Foto: BMGÖM

Şeýle hem okaň: