Iň täze habarlar

Botswanada taryhda ululygy boýunça ikinji iri almaz daşy tapyldy

24.08.2024 | 00:05 |
 Botswanada taryhda ululygy boýunça ikinji iri almaz daşy tapyldy

Botswanada Kanadanyň Lucara Diamond kompaniýasynyň käninde ägirt uly almaz daşy tapyldy. Şu wagta çenli tapylanlaryň arasynda ululygy boýunça ikinji bolup, bu almaz daşynyň agramy ýarymkilograma deňdir. Has takygy, daşyň agramy – 2 892 karat (takmynan 498,4 gr).

Taryhçylara belli bolan almazlaryň arasynda ol diňe bir “Kullinan” (620 gr) daşyna orun berýär. “Kullinan” 1905-nji ýylda Günorta Afrikada tapyldy we granlama üçin dokuz sany aýry daşlara ownadylandyr. Häzirki wagtada olaryň köpüsi britan monarhlarynyň hökümet nyşanlaryny bezäp, Londonyň Tauerynda saklanylýar.

Täze almaz daşy Botswananyň paýtagt şäheri Gaborondan takmynan 500 km demirgazygynda tapylandyr. BBC-niň maglumatlaryna görä, ýurduň häkimiýeti, günorta Afrika ýurdundan tapylan bu almaz daşy iň ulysy diýlip, habar berilýär.

Lucara_Diamond_Corp__LUCARA_RECOVERS_EPIC_2_492_CARAT_DIAMOND_FR.jpg

Şu wagta çenli Botswanada tapylan iň iri almaz daşynyň agramy 1 758 karat (352 gr) deňdi, we ol bäş ýyl mundan ozal, 2019-njy ýylda şol bir kände tapylandyr. Ol Fransiýanyň "Louis Vuitton" modalar öýüne satyldy. Geleşigiň bahasy açyklanmaýar.

Şol bir kände 2016-njy ýylda tapylan agramy 1 109 karat bolan almaz tapylandan bir ýyl geçen soň londonly zergär, Graff Diamonds kompaniýasynyň başlygy Lourens Graffa 63 mln $ satyldy.

Botswana dünýäde iň iri almaz öndürijileriniň biridir. Dünýäde satylan bäşden bir almaz hut şu ýurtda tapylandyr.

Foto: Lucara Diamond

Şeýle hem okaň: