Iň täze habarlar

Türkmenistanly lukmanlar Moskwada geçirilýän halkara maslahata gatnaşýarlar

24.08.2024 | 00:35 |
 Türkmenistanly lukmanlar Moskwada geçirilýän halkara maslahata gatnaşýarlar

Moskwada “Sagdyn Ýewraziýa” atly lukmanlaryň halkara maslahaty açylyp, oňa GDA ýurtlaryndan 150-den gowrak lukman gatnaşýar. Bu barada halkara hyzmatdaşlyk ösüşine hemaýat edýän “Ýewraziýa” awtonom täjirçilik däl guramasynyň habarlar gullugy habar berdi.

“22-25-nji awgust aralygynda Moskwada geçirilýän “Sagdyn Ýewraziýa” atly lukmanlaryň halkara maslahatyna Ermenistandan, Belarusdaan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 150-den gowrak lukman gatnaşýar. Bu çärede “Ýewraziýanyň saglyk kanunlar ýygyndysy” dörediler, sosial torlarda bilelikdäki bilim taslamalar işlenilip başlanar” – diýip, habarlar gullugynda bellediler.

2.jpg

“Sagdyn Ýewraziýanyň” baş maksady dürli ýurtlardan bolan lukmanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we olaryň tejribe alyşmaklary üçin meýdança döretmekden ybaratdyr. Maslahatda lukmanlar beýleki ýurtlarda ulanylýan täze tehnologiýalar we çözgüler bilen tanyşarlar. Şeýle-de gatnaşyjy lukmanlar bilim seminarlaryna gatnaşyp, Moskwanyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerine baryp görerler.

“Ýewraziýa” guramasy sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini öňe sürýän taslamalaryna grnat kömegini berip, saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, sowetden soňky döwrüň sebitdäki ýurtlarda durmuş hiliniň ýokarlandyrmagy boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýär.

ORIENT news

Foto: evrazia.su

Şeýle hem okaň: