Iň täze habarlar

Aşgabatda Pakistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi

23.08.2024 | 19:15 |
 Aşgabatda Pakistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ ýolbaşçysy bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow Päkistanyñ Milli logistika korporasiýasynyñ Baş direktory Farruh Şahzad Rao bilen duşuşyk geçirdi.

23-nji awgustda, anna güni DIM-iñ binasynda geçirilen duşuşygyñ dowamynda türkmen-päkistan gatnaşyklaryñ wagtyñ geçmegi bilen has-da berkäp, olaryñ geljekde ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleriñ bardygy bellenildi. Hususan-da, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlyga üns çekmek bilen ykdysady meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ ulag syýasatynyñ başlangyjy bilen taraplar halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniñ ösdürilmegi, şol sanda üstaşyr ýükleriñ möçberiniñ artdyrylmagy, gümrük düzgünleriniñ añsatlaşdyrylmagy, sebitiñ ähli ýurtlarynyñ has netijeli ykdysady birleşmesi üçin port infrastrukturasynyñ ulanylmagy boýunça hyzmatdaşlyk mümknçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip DIM-iñ habarlar gullugy habar berdi.


Mundan ozal, 22-nji awgustda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow FWO Päkistanyñ iri kompaniýasynyñ prezidenti we baş inženeri bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

National Logistics Corporation (NLC) - bazarda 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Päkistanyñ multimodal logistik çözgütleriniñ baş üpjün edijisidir. Kompaniýanyñ esasy wezipesi içki we sebit ýük daşalyşlaryny netijeli dolandyrmak bilen milli ykdysady ösüşe goldaw bermekdir.

Foto: nlc.com.pk

Şeýle hem okaň: