Iň täze habarlar

Türkmenistan Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy

22.08.2024 | 22:05 |
 Türkmenistan Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa maslahatyna gatnaşdy

Şri-Lankanyň Daşary işler ministrligi ilkinji Merkezi Aziýa maslahatyny geçirip, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan syýasatçylary, diplomatlary, işewürlik jemgyýetleriniň ýolbaşçylaryny we bilermenlerini çagyrdy. 21-nji awgustda geçirilen bu çäre Şri-Lankanyň sebit bilen dörediljek geljekki hyzmatdaşlygy baradaky pikirleriň alyşylmagyna gönükdirildi.

Iki bölümçeden ybarat bu maslahat täze ulag we logistika geçelgeleriniň döredilmegine üns çekip, Ýewraziýada we onuň daşynda Merkezi Aziýanyň strategiki ornunyň öwrenilmegine bagyşlanyldy. Şri-Lankanyň Merkezi Aziýa sebiti bilen ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrmak maksady bilen, maslahatyň tematikasy bilelikdäki gülläp ösüş üçin hyzmatdaşlyk müminçiliklerine gönükdirildi.

Maslahat ýaňy-ýakynda Gazagystanda Şri-Lankanyň hemişelik diplomatik weilhanasyny döretmek baradaky kararyndan, hem-de Gazagystan, Gyrgyzystan we Türkmenistan bilen geçirilen daşary işler mnistrlikleriniň geňeşmelerinden soňra gurnaldy.

Birinji bölümçä Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik barlag merkeziniň direktory Şiri Şiriýew gatnaşdy. Wideoaragatnaşyk arkaly kärdeşleriniň öňünde çykyş edip, ol häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň –tebigy serişdelere, berk adam kuwwatyna hem-de ägirt uly ulag üstaşyr mümkinçiliklerine baý, hem-de dünýäniň köpsanly ýurtlarynyň geosyýasy we geoykdysady bähbitleriniň utgaşýan sebitdigini belläp geçdi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda goňşy ýurtlar bilen, esasan hem, Merkezi Aziýa ýurtlary we onuň ýakyn goňşulary bolan Günora Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär, diýip Şiriýew belledi.

Onuň pikirne görä, “MA+1” formatynda dünýä arenasyna çykmak dünýä jemgyýetçiliginiň bähbidine sebitiň mümkinçiliklerini netijeli ulanylmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Merkezi Aziýa bilen Şri-Lankanyň söwda gatnaşyklary barada aýdylanda, bu ýerde ylmy taýdan esaslandyrylan derňew we hakyky teklipler zerur dýip, bilermen belledi. Bu ugurda iş organynyň döredilmegi ulgamlaýyn we toploumlaýyn esasda sebitara söwda dolanyşygynynyň mesellerini çözmek usuyllaryny kesgitlemäge mümkinçilik bererdi.

Şiriýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň isleg bildirýän Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlyk diaologynyň ugurlarynyň döredilmegini teklip etdi. Şeýle-de ol yklymyň beýleki sebitlerine, şol sanda Günorta Aziýa çykmak maksady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk ugrunyň möhüm pudagy bolan ulag pudagyna ünsi çekdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki möhüm ugry energetikadyr. Şiri Şiriýewiň bellemegine görä, bu pudak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine we konfigurasiýasyna ählimiziň konseptual taýdan garaýyşlarymyz birdir. Muňa bolsa Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ykdysady ösüşiň esasy faktory hökmünde energiýa daşalyşynyň ygtybarlylygy we durnuklylygy baradaky Kararnamasynyň sebitiň döwletleriniň biragyzdan we birnäçe gezek goldanylmagy şaýatlyk edýär. Emma häzirki wagtda Merkezi Aziýada eneriýa daşaýjylarynyň sebitiň içindäki islegleriniň kanagatlandyrylmagy we goňşy sebitiň bazarlaryna gönükdirilen durnukly enertgetika hyzmtadşlygy üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertlerini döretmek işinde eýýäm has anyk hereketleri talap edýär. Merkezi Aziýa sebit üçin häziri wagtda howanyň üýtgemegi şertlerinde esasy howp suw we azyk howpsuzlygydyr. Türkmenistanyň ilatynyň azyk önümlerine bolan zerurlyklarynyň ösmegini kanagatlandyrmak üçin önüm öndürijiliginiň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna, oba hojalygy ösen ýurtlar bilen import edilmegine uly üns berilýär. Şol sanda Şri-Lanka belli bir orun turýar, diýip Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar ionstitutynyň Strategiki barlag merkeziniň ýolbaşçysy belledi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: