Iň täze habarlar

ICQ-nyň yz ýany "Mail.ruAgent" messenjeri hem öz işini bes etdi

22.08.2024 | 17:05 |
 ICQ-nyň yz ýany "Mail.ruAgent" messenjeri hem öz işini bes etdi

Geçmişde meşhurlyk gazanan "Mail.ruAgent" messenjeri resmi ýagdaýda öz işini bes etdi. Bu hyzmat ediş ulgamy iki onýyllyk öz işini dowam etdi. Ol 20-nji awgustda resmi ýagdaýda ýatyryldy.

Mail.ruAgent 2003-nji ýylyň maý aýynda işledilip başlandy. Ilki başda bu hyzmat ediş ulgamy kompaniýanyň poçta gutusyna gelýän habar hatlaryny almaga mümkinçilik berýärdi. Girizilenden ýarym ýyl geçen soň ulanyjylara çalt habar alyşmaga hem rugsat edildi.

Internet çykalgasy bolan kompýuterlerde we ykjam telefonlarda by hyzmat ediş ulgamyny ulanyp bolýardy. Smartfonlaryň döremegi bilen iOS we Android üçin wersiýalary hem döredildi. Hyzmat ediş ulgamynyň işleýişini birnäçe gezek giňeltdiler. Meselem, işläp taýýarlaýjylar ses we wideo jaňlarynyň mümkinçiligini hem goşdular. 2011-nji ýylda bolsa Agent ýaňy-ýakynda işini doly tamamlan ICQ messenjeri bilen birleşdirildi.

22082024-messendzher-mailru-agent-prekratil-rabotu-vsled-za-icq.png

ORIENT news

Foto: tagmac.ru

Şeýle hem okaň: