Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagatyň we nebithimiýa pudagynyň önümleri satyldy

23.08.2024 | 09:51 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda ýeňil senagatyň we nebithimiýa pudagynyň önümleri satyldy

Penşenbe güni, 22-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda ýeňil senagatyň we nebithimiýa pudagynyň önümleri satyldy.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden türkmen el halysyny satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 2 943 840,11 manada deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: