Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy

21.08.2024 | 08:44 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy

Sişenbe güni, 20-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa we ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “L-0,5-62” kysymly dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkiýe döwletiniň işewür topary Türkmenistanyň kärhanalaryndan nah ýüplükleri satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Şeýle hem olar “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 014 466,82 manada we 1 022 591,53 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: