Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumy satyldy

22.08.2024 | 08:38 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumy satyldy

Çarşenbe güni, 21-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumy satyldy.

Özbegistan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “BND 60/90” kysymly şepbik nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 220 000 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: