Iň täze habarlar

Kids Expo sergisinde körpejeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon geçirildi

21.08.2024 | 14:58 |
 Kids Expo sergisinde körpejeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde iň üýtgeşik we täsirli wakalaryň biri bolup geçdi, ýagny 9-12 aýlyk körpejeleriň arasynda emedeklemek boýunça marafon geçirildi.

Marafon 40-dan gowrak körpeje gatnaşyjylaryny özünde jemledi, olaryň her birisi höwes we joşgun bilen pellehana tarap ymtyldy. Çäre ýedi tapgyrda: alty seçip alma we bir final tapgyrda geçirildi.

Çekeleşikli ýaryşda ilkinji orna Aşyrmuhammet Söýegow mynasyp boldy. Ikinji ýere Emin Myradow, üçünji ýere bolsa Omar Kolliýew eýe boldular.

Ähli körpeje-gatnaşyjylar sowgatlar bilen sylaglanyldy. Esasy baýrakly sowgat – Ynamdar marketpleýsdan bir ýyllyk pampers arlyklar – mynasyp ýeňijä goşwuryldy.

Sergi 22-nji awgusta çenli dowam eder, we ähli isleg bildirenler 22-nji awgustda 09:00-dan 12:00 çenli körpejeleri marafonda synlap bilerler.

ORIENT news

Foto: ORIENT-iň redaksiýasy

Şeýle hem okaň: