Iň täze habarlar

Azerbaýjan BRIKS düzümine girmek üçin resmi ýüzlenme bilen çykyş etdi

21.08.2024 | 01:25 |
 Azerbaýjan BRIKS düzümine girmek üçin resmi ýüzlenme bilen çykyş etdi

Azerbaýjan BRIKS düzümine girmek üçin resmi ýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu barada Respublikanyň Daşary işler ministrligiiň press-sekretary Aýhan Gajizade habar berdi.

“Azerbaýjan BRIKS-iň düzümine girmek üçin resmi ýüzlenme ýollady” – diýip, Report maglumat agentligi Gajizadeniň diýen sözlerini getirdi.

Azerbaýjanyň BRIKS-iň düzümine girmek bardaky islegi iýulyň başynda Astanada geçirilen Şanhaý guramasynyň hyzmatdaşlyk sammitiniň çäklerinde kabul edilen Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki Jarnamada şöhlelendirildi.

11-nji iýulda Sankt-Peterburgda geçirilen BRIKS Parlament maslahatynyň X Umumy mejlisinde çykyş eden ýurduň Milli mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa hem Azerbaýjanyň BRIKS-niň doly hukuly agzasy bolmak isleýändigini aýtdy. BRIKS – 2006-njy ýylda döredilen hökümetara guramasy bolup, onuň düzümine Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý,Günorta Afrika Respublikasy, Müsür, Efiopiýa, Eýran we Birleşen Arap Emirlikleri girýär.

ORIENT news

Foto: report.az

Şeýle hem okaň: