Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa pudagynyň we ýeňil senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi

20.08.2024 | 08:45 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa pudagynyň we ýeňil senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi

Duşenbe güni, 19-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň we ýeňil senagatyň önümlerine uly isleg bildirildi.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS-1” kysymly awiakerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň işewürler topary Türkmenistanyň kärhanalaryndan arassalanan nah galyndylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 945 750 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: