Iň täze habarlar

Almaty – Merkezi Aziýanyň iň gymmat şäheri

08.07.2024 | 10:27 |
 Almaty – Merkezi Aziýanyň iň gymmat şäheri

Gazagystanyň Almaty şäheri 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Merkezi Aziýada «iň gymmat şäher» adyny saklap gelýär diýip, Gazagystanyň halkara habarlar agentligi durmuşyň bahasy we hili boýunça dünýädäki iň iri maglumatlar merkezine «Numbeo» salgylanyp habar berýär.

Ikinji orunda Gazagystanyň paýtagty – Astana şäheri ýerleşdi, Bişkek we Daşkent degişlilikde üçünji we dördünji orunlary eýelediler.

«Numbeo-nyň» 218 şäheri öz içine alýan sanawynda Şweýsariýanyň Ženewa şäheri birinji orunda durýar. Gazagystanyň Karaçi şäheri soňky orny eýeledi. Aziýany tutuşlygyna alsak, Almaty we Astana 32-nji ýerde durýar.

Sanaw kärende jaýlarynyň, azyk önümleriniň, restoranlaryň bahalary we beýleki görkezijiler göz öňünde tutulyp, ulanyjylaryň synlary esasynda düzüldi.

ORIENT news

Foto: tripplanet.ru

Şeýle hem okaň: