Iň täze habarlar

Azerbaýjanda Demirýol ulagy hakynda Tertipnama tassyklanyldy

08.07.2024 | 10:12 |
 Azerbaýjanda Demirýol ulagy hakynda Tertipnama tassyklanyldy

Azerbaýjanyň Ministrler Kabineti Demirýol ulagy hakynda Tertipnama tassyklanyldy, diýip Trend agentligi habar berýär.

Bu Tertipnama demirýol ulagynyň işiniň gurmaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Demirýol ulagy hyzmatlaryna nyrhnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen çäklendirmeler we beýleki talaplar baradaky maglumatlar umumy ulanylýan demirýol ulagynyň infrastrukturasynyň eýesi tarapyndan internetde ýerleşdirilýär.

Buýurmalar (döwlet syry bolan maglumatlary özünde saklaýan buýurmalardan başga) infrastrukturanyň eýesi we ýük daşamany amala aşyryjy tarapyndan internetiň üsti bilen kabul edilýär.

ORIENT news

Foto: trend.az

Şeýle hem okaň: