Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda oba hojalyk, dokma we nebithimiýa önümlerine uly isleg bildirildi

08.07.2024 | 10:00 |
 Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda oba hojalyk, dokma we nebithimiýa önümlerine uly isleg bildirildi

4-nji iýulda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda oba hojalyk, dokma we nebithimiýa önümlerine uly isleg bildirildi.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “EKO 93” kysymly awtoulag benzinini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

BAE-niň telekeçileri türkmen kompaniýasyndan pagta lintini satyn aldylar.

Gyrgyzystanyň işewürleri türkmen kompaniýasy bilen nah ýüpligini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen «SN-350» we « SN -180» kysymly binýatlyk ýagy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Türkmen işewürleri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginden el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 1 246 724,43 manat we 28 164 817,60 dollar bolan 7 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolar.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: