Iň täze habarlar

Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 56-njy mejlisiniň çäklerinde çäre geçirdiler

05.07.2024 | 21:45 |
 Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 56-njy mejlisiniň çäklerinde çäre geçirdiler

5-nji iýulda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilhanalary hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 56-njy mejlisiniň çäklerinde çäre geçirdiler.

Çäräniň dowamynda kanunçylyk binýady we institutsional mehanizmleri kämilleşdirmek, bilim almak we işe ýerleşmek üçin deň şertleri döretmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli derejelerde, şol sanda syýasy we jemgyýetçilik ulgamlarynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmek arkaly gender deňligini üpjün etmek babatda milli syýasatlaryň durmuşa geçirilişi barada maglumatlar tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýyldan bäri hereket edýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti bellenildi. Bu platforma täze döredilendigine garamazdan gender deňligi meselelerini çözmekde netijeli sebit meýdançasy bolup durýar.

ORIENT news

Foto: Permanent Mission of Turkmenistan to the United Nations Office at Geneva

Şeýle hem okaň: