Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

04.07.2024 | 23:48 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen onuň easasy ugurlary kesgitlenildi.

0407204-Berdimuhamedov-and-Tokayev-in-Astana (3).jpg

Belleinilişi ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlk edýärler we birek biregi goldaýarlar. Sebit we ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselesinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň garaýyşlary meňşezdir ýa-da gabat gelýändir diýip, TDH habar berýär.

0407204-Berdimuhamedov-and-Tokayev-in-Astana (2).jpg

Kasym-Žomart Tokaýew Aşgabatda beýik gazak kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärliginiň açylandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi, öz gezeginde türkmen halkynyň Milli Lideri ŞHG-niň sammitine gatnaşmaga çakylygy hem-de Gazagystanyň paýtagtynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagyna beren şahsy goldawy üçin Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygygyny beýan etdi.

ORIENT news

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: