Iň täze habarlar

BMG-niň Baş Sekretary Aşgabatdaky ýene bir BMG-niň wekilhanasynyň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

06.07.2024 | 17:22 |
 BMG-niň Baş Sekretary Aşgabatdaky ýene bir BMG-niň wekilhanasynyň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Aşgabada saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Türkmenistandaky Merkezi wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, BMG-niň edaralarynyň ýurtda akkreditlenen ýolbaşçylary we wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

060724-guterres-opened-the-building-un-in-ashgabat (1).jpg

Dabaranyň dowamynda BMG-niň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine hemmetaraplaýyn kömegi we işe berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

060724-guterres-opened-the-building-un-in-ashgabat (2).jpg

Türkmenistan BMG-na we oňa girýän ýöriteleşdirilen düzümlere ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Türkmenistanyň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr, bu bolsa, uzak möhletli hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki başlangyçlaryň esasyny düzýär.

ORIENT news

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: