Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

04.07.2024 | 20:40 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ŞHG bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistan ŞHG-ny möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji iýunda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda belledi diýip TDH habar berýär.

«Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine hormatly myhman hökmünde indi birnäçe gezek gatnaşyp gelýär. Munuň özi asylly däbe öwrüldi we biz şeýle derejäni Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşany, ýurdumyza bildirilýän ynamyň ýokary derejesiniň we açyklygyň, gurama bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşmagyň görkezijisi hökmünde kabul edýäris» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy, şeýle hem ŞHG bilen hyzmatdaşlyk biziň milli bähbitlerimize laýyk gelýär, sebit prosesleriniň barşyna we ugruna oňyn täsir etmäge, halkara ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga goşant goşmaga ukyplydyr diýip, belledi.

«Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän döwletler bilen biziň ýurdumyzy çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan goňşuçylyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyş baglanyşdyrýar. Bu gün bolsa oňa ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara bähbitler hem goşulýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözini dowam etdi, Türkmenistanyň ŞHG ýurtlary bilen, şol sanda transmilli ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça dürli görnüşde hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň durnukly, esasy ugurlaryny ýola goýmak üçin ähli şertler bar. «Türkmenistan geografik taýdan bu uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar. Onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda hem-de düzümlerde işleşmäge taýýardyrys», - diýip türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan üstaşyr ulag geçelgesi barada belledi, anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe geçelgesi barada barýar. «Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek barada gürrüň edilmelidir», – diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmenistanyň hem-de ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugur Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr. «Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatyny birleşdirmek bilen baglylykda, oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny görýäris», - diýip Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan ŞHG-nyň işiniň esasy ýörelgelerini - parahatçylyk, özara hormat, deňlik, hyzmatdaşlygyny doly goldaýar, diýip Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly Türkmenistan indi ençeme ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde parahatçylygyň kepili hökmünde dialog başlangyjyny öňe sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa parahatçylyk we parahatçylyk döredijilik gün tertibi boýunça umumy çemeleşmeleri hem-de utgaşykly garaýyşlary işläp taýýarlamak maksady bilen, biziň döwletlerimizi BMG-de geňeşmeler we gepleşikler prosesine doly derejede çekmek üçin syýasy-hukuk esaslaryny emele getirýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahtynyň Başlygy Türkmenistan ŞHG bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek baradaky başlangyjymyzy goldamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak isleýändigi aýtdy. Bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe sürüldi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda söwdany, senagat kooperasiýasyny, oba hojalyk ulgamyny, “ýaşyl” gün tertibini, maglumat tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. Kiçi we orta telekeçiligi çekmek bilen, serhetýaka we sebit işewürlik gatnaşyklarynyň-da geljegi uly hasaplanýar. Şeýle hem biziň ýurdumyz ynsanperwer, ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge çalyşýar.

«Taryhy-medeni mirasy öwrenmek, innowasion geljek, ýaşlaryň daşky gurşawy goramaga goşandy, ýaşlar telekeçiligi we işewürlik taslamalary ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki ýaşlar maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýäris», – diýip türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Sport babatdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň bilen baglanyşykly Gurbanguly Berdimuhamedow, golaýda Aşgabat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri derejesine mynasyp boldy. Bu dereje giň halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda ŞHG döwletleriniň türgenleriniň gatnaşmagy arkaly hyzmatdaşlyk üçin açyklygy göz öňünde tutýar, diýip belledi.

Şeýle hem BMG Baş sekretary Antonio Guterreş, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýram Yslam Resbpublikasynyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Mohber, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şarif, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, BAE Ýokary geňeşiniň agzasy, Ras-el-Haýma emirliginiň emiri Saud ibn Sakr Al-Kasimi bu sammitde çykyş etdiler.

ORIENT news

Foto: akorda.kz

Şeýle hem okaň: