Iň täze habarlar

«Türkmendemirýollary» agentligi işgärler bölümini sanlylaşdyrar

28.02.2023 | 12:07 |
 «Türkmendemirýollary» agentligi işgärler bölümini sanlylaşdyrar

«Türkmendemirýollary» agentligi özüniň işgärler bölümini sanly ulgama geçirmek üçin tender bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Agentlik gyzyklanýan potratçylary sanlylaşdyrmak boýunça alyp barjak işleri barada özleriniň tehniki we täjirçilik tekliplerini hödürlemäge çagyrýar.

Tendere gatnaşmak üçin ýüz tutmany «Türkmendemirýollary» agentliginiň şu salgyda ýerleşýän edarasyna ugratmaly: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 7 (1-nji gat, otag 55). Ýüz tutmanyň ýanyna dalaşgäriň hasaba alnyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç hatyny we wekiliň pasportynyň nusgasyny goşmaly.

Tender tekliplerini tabşyrmagyň soňky möhleti – tender baradaky bildirişiň çap edilen gününden soň 30 iş günüdir.

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+99312) 38-31-03, 38-31-04; faks: 38-31-03.

Foto: Pinterest

Şeýle hem okaň: