COP29-yň çäginde halkara ýaşlar ulgamy açyldy
13.11.2024 | 18:45 |12-nji noýabrda, Bakuda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisiniň (COP 29) çäginde sebitdäki sekiz ýurtdan: Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe, Wengriýa we Azerbaýjan ýaş höwesjeňleri birleşdirýän eko-aktiwistleriň halkara ýaşlar ulgamy Youth Climate Actions Network (YouthCAN) işe girizilmegi bilen bagly çäre geçirildi. Bu barada tanyşdyryş dabarasyny gurnaýjylar ORIEN-iň habarçysyna habar berdiler.
Howa birleşmesi başlangyjy, şeýle hem toruň agza döwletlerinde amala aşyrylýan çäreler we taslamalar barada maglumat ýygnaýan öz köp dilli sanly meýdançaboldy. Web sahypa, howanyň gün tertibi barada habardarlygy ýokarlandyrmak we agza ýurtlardan gelen ýaş aktiwistleriň arasynda netijeli özara hereket etmek üçin täsirli meýdançany üpjün edýär.
Şeýle hem mejlisde geçen tomus Türkmenistanyň wekilýetiniň gatnaşmagynda Özbegistanda geçirilen halkara eko-lageriň jemleýji resminamasy bolan ýaşlaryň Beýanaty hödürlendi.
Beýatyň esasynda, durnukly ösüş medeniýetini ösdürmek we çagalary we ýaşlary 2024-2030-njy ýyllar üçin howanyň gün tertibine çekmek üçin halkara strategiýasy işlenip düzüldi, bu bolsa ýaşlaryň howa meselelerine karar bermek işlerine işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar.
ORIENT news
Wideo: “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy