Iň täze habarlar

Yrak Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmek we hemişelik Ilçi bellemek isleýär

13.11.2024 | 22:55 |
 Yrak Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmek we hemişelik Ilçi bellemek isleýär

Yragyň Ministrler Kabineti bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistan bilen hemişelik ilçi derejesinde diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky teklibini tassyklady.

Bu karar, 12-nji noýabrda, sişenbe güni Premýer-ministr Muhammed Al-Sudanyň ýolbaşçylygynda Yragyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi. Bu barada Respublikanyň premýer-ministriniň metbugat gullugyna salgylanyp Yragyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.

Türkmenistan bilen Yrak Respublikasy 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda gol çeken bilelikdäki kommýunike esasynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. 2019-njy ýylda Türkmenistan Serdarmämmet Garajaýewi (oturýan ýeri Abu-Dabi şäheri) Bagdatda öz ilçisi edip belledi. Yragyň Türkmenistandaky gyzyklanmalaryny Astanada oturýan ilçi wekilçilik etdi, häzirki wagtda diplomatik missiýa Yragyň Gazagystandaky wagtlaýyn ygtyýarly wekili Jaber Najma Adbullah Al-Temimi ýolbaşçylyk edýär.

“Hemişelik ilçi” sözleri Yragyň Türkmenistanda öz ilçihanasyny açmak niýetini görkezýär.

2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan we Yrak gaz üpjünçiligi barada möhüm şertnama gol çekdiler.

ORIENT

Foto: cabinet.iq

Şeýle hem okaň: