Iň täze habarlar

Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligini güýçlendirmegi teklip edýär

13.11.2024 | 13:05 |
 Azerbaýjan Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligini güýçlendirmegi teklip edýär

Baku Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine ünsi güýçlendirmegi we Hazarýaka döwletlerine Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligi boýunça köptaraply Konwensiýasy üçin hemişelik sekretariatyny döretmek işini tizleşdirmegi teklip edýär. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýörite tabşyryklar boýunça wekili Halaf Halafow žurnalistlere habar berdi.

“Hazar deňziniň ekologiýa gözegçiligi boýunça köptaraply Konwensiýasy üçin hemişelik sekretariatyny döretmek işi derwaýys mesele bolmagynda galýar. Häzirki wagtda bu sekretariat BMG tarapyndan amala aşyrylýar. Emma ol sekretariatyň işini kämilleşdirjek we Hazaryň ekologiýa meselelerine has uly ünsi çekjek Hazarýaka ýurtlarynyň birine geiçirlmeli” – diýip, ol belledi.

Halafowyň aýtmagyna görä, Hazaryň ýagdaýy tiz hereketleri talap edýär.

“Azerbaýjan tarapy ençeme gezek bu meseleleri gozgady. Aşgabat sammitinde Azerbaýjanyň Prezidenti hazarýaka döwletlerini Hazaryň derjesiniň azalmak meselesine we onuň ekologiýa meselelerine has düýpli çemeleşmelere çagyrdy. Bu soraglaryň ählisi şu günki gün hem möhüm bolup dur. Hazarýaka ýurtlary deňziň derejesine gözegçilik etmek hem-de onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça taslamalary işläp taýýarlamak üçin tagallalaryny gaýgyrmaly däldir” – diýip, ol aýratyn belledi.

Halafow Hazaryň suwlarynyň hapalanmagy, esasan hem, deňize guýýan derýalaryň täsirine ähmiýet berilmeli esasy meseleleriň biri diýip atlandyrdy.

Mundan ozal Azerbaýjan sekretariatyň Bakuda ýerleşdirilmegi baradaky ylalaşygyň taslamasyny taýýarlap, ony Hazarýaka ýurtlaryň garamagyna hödürledi.

Foto: qansonar.com

Şeýle hem okaň: