Iň täze habarlar

“CNPC” kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň çäginde ekotaslamany durmuşa geçirýär

12.11.2024 | 22:05 |
 “CNPC” kompaniýasy “Galkynyş” gaz käniniň çäginde ekotaslamany durmuşa geçirýär

Hytaýyň “CNPC Chuanqing Drilling” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy ýurduň günorta böleginde, agyr howa şertleri, ýygy-ýygydan çägeli tupanlary we ösümlikleriň pes derejesi bolan sebitde ýerleşýän “Galkynyş” gaz käninde ýelden goranmak we çägäni berkidmek taslamasyny durmuşa geçirýär. Taslamanyň çäginde kompaniýanyň hünärmenleri daşky gurşawy goramaga ýerli däp bolan çemeleşmeleri häzirki zaman ekologiki tehnologiýalary bilen birleşdirip, innowasiýa usullaryny ulanýarlar.

Taslama çäge tupanyna garşy tebigy päsgelçilik döretmäge we sebitdäki ekoulgamyny we gaz känindäki önümçiligiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga kömek edýän çägäni bekitmek üçin gamyşdan ýasalan germewleri oturtmagy öz içine alýar. Taslama durmuşa geçirilende, çägäniň eroziýasyna garşy mümkin boldugyça netijeli göreşmäge mümkinçilik berýän ýeliň ugry we topragyň aýratynlyklary ýaly howa aýratynlyklary göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň ilkinji tapgyryndan soň onuň netijesi eýýäm görnüp başlady: “Galkynyş” gaz käniniň töweregindäki çäge eroziýasy ep-esli azaldy we meýdanyň çägindäki desgalaryň howpsuzlygy güýçlendirildi. Netijeleri has-da ýokarlandyrmak üçin, çägäni bekitmek çärelerini işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek üçin kompaniýa toprak we ösümlik şertlerine yzygiderli gözegçilik edýär diýip “CNPC”-iň web sahypasynda habar berilýär.

Bu taslama, kompaniýanyň Türkmenistanyň durnukly we “ýaşyl” ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

ORIENT

Foto: news.cnpc.com

Şeýle hem okaň: