Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: oba hojalygy, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

13.11.2024 | 08:58 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: oba hojalygy, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy

12-nji noýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda oba hojalygy, ýeňil senagaty önümleri we gurluşyk materiallary satyn alyndy.

Serbiýanyň telekeçileri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen işewürlerinden jins balaklary satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri float aýnasyny satyn almak barada Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 6 975 000 manada we 867 840 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: