HGI-de okuw sapagy: ASEAN we Malaýziýa
14.11.2024 | 19:00 |14-nji noýabrda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylda Malaýziýanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasyna (ASEAN) başlyklyk etmegine bagyşlanan okuw seminary geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky Malaýziýanyň Ilçihanasynyň wekilleri, Institutyň rektory, professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin iňlis dilinde çykyş edip, talyplara bu guramanyň döreýiş taryhy şeýle-de öz ýurdunyň bu ugurdaky gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ilçi gatnaşyjylary bu maglumatlar bilen tanyşdyrmak bilen, çykyşynyň dowamynda ýörite taýýarlanan degişli prezentasiýany we wideoýazgylary görkezdi.
Şu ýerde ýokarda ady agzalan gurama barada gysgaça maglumat berip geçmegi makul bildik:
ASEAN (Association of South East Asian Nations), ýagny Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasy - bu sebitleýin hökümetara guramadyr. Ol 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bangkokda bäş sany esasy agza ýurtlar bolan Indoneziýa, Malaýziýa, Filippinler, Singapur we Taýland tarapyndan döredildi.
ASEAN-yň Jarnamasynda Assosiasiýanyň gülläp ösüş üçin binýady berkitmek boýunça deňlik we hyzmatdaşlyk ruhunda bilelikdäki tagallalar arkaly sebitdäki ykdysady, sosial we medeni ösüşi çaltlaşdyrmagy şeýle-de Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň parahatçylykly jemgyýetini we sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda adalatlylyga we kanunlara hormat goýmak hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgeleri arkaly sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegi maksat edinýändigi aýdylýar. Assosiasiýa we onuň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşmak isleýänler şu salgydan peýdalanyp bilerler!
Görnüşi ýaly, Malaýziýa bu guramany esaslandyryjy döwletleriň biri bolmak bilen, onuň çäklerinde möhüm orun tutýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Malaýziýa döwleti Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlyk saklaýan ýurtlarynyň biri bolup durýar.
Okuw seminarynyň barşynda hormatly myhman, Malaýziýanyň Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy boýunça durmuşa geçirilen we geljekde iki ýurduň özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler barada hem durup geçdi.
Bu günki täsirli geçen okuw sapagynyň çäklerinde oňa gatnaşan ýaş halkaraçy hünärmenler aýdylan maglumatlary özlerine bellik etmek bilen, jenap Ilçä özlerini gyzyklandyrýan birnäçe sowallary bilen ýüzlendiler. Sowallar haçanda çykyş edýän adamyň beren gürrüňleri ünsli diňlenilen ýagdaýynda ýüze çykýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ylym-bilime höwesjeň talyp ýaşlary özleriniň geljekki jogapkärli hünärlerinde ünslüligiň hökmany zatdygyna oňat düşünýärler.
Seýli ARYŞOW