Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri we nah ýüplükler satyn alyndy

14.11.2024 | 09:11 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebit-himiýa önümleri we nah ýüplükler satyn alyndy

13-nji noýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyn alyndy.

Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “KO-20” markaly ýagtylandyryjy nebiti satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” markaly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplükleri satyn almak barada türkmen işewürleri bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 2 509 170 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: