"Kitap marafony" - kitapsöýüji ýaşlary bir ýere jemledi (wideo)
13.11.2024 | 19:30 |Şu gün TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Bas binasynda institutyň “Ýaş alymlar geňeşiniň” guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda yglan edilen “Kitap marafonynyň” jemleri jemlendi.
Ýaşlarda kitap okamak ýaly peýdaly endikleri ösdürmek, olaryň pikirlenmek, döredijilik ukybyny kämilleşdirmek, söz baýlygyny artdyrmak maksady bilen oktýabr aýynyň başynda yglan edilen bu bäsleşige gatnaşyjylara 13-14-nji oktyabrda iki günlik umumy soraglaryň esasynda birinji tapgyryna geçmäge 146 gatnaşyjy hukuk gazandy. "Kitap marafonynda” sanıy ulgamyň giň mümkinçilikleri ulanylyp, "Google Classroom” platformasynda görnükli türkmen diplomaty hem yazyjysy Gylyç Kulyyewiň "Emiriň ilçisi” kitabynyň I-nji bölümini okamaga girişildi. Marafonyň meýilnamasy esasynda sahypa sanlary günlere bölünip, her günde sowalnamalaryň, çekişmeleriň we goşmaça tabşyryklaryň netijesi boyunça gatnaşyjylar bahalandyrylyp I-nji tapgyr jemlenildi.
Ýaryşyň II tapgyryna, I tapgyryň bahalary boyunça yokary netije görkezen 74 sany gatnaşyjy ýaşlar saylanyldy we yokary okuw mekdeplerine Minnetdarlyk haty ugradyldy. Gylyç Kulyyewiň “Emiriň ilçisi” kitabynyň 2-nji bölümini okamak ýörite kitap söýüjileriň öz islegleriniň we ayratyn sowalnamanyň esasynda dowam etdi.
Gylyç Mämedowiç Kulyyew
Elbetde, bu meşhur şahsyýeti bilmeýän adam ýok bolsa gerek?! Gylyç Kulyýew we onuň döredijiligi, durmuş ýoly bilen men hem talyp döwrüm içgin gyzyklanyp öwrenipdim. Ýazan bir makalam ýadyma düşýär... Halypa žurnalistleriň biriniň beren maslahaty bilen bu beýik şahsyýetiň döredijiligini, eserlerini içgin öwrenip ýazan bu makalam köpleriň göwnünden turupdy. Sebäbi taryh bilen öz döwrüniň syýasy wakalaryny baglanyşdyryp döreden syýasy eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, belli döwlet işgäri, syýasatçy, diplomat, hem taryhçy Gylyç Mamedowiç Kulyýew barada ýaşlaryň bilmeli zatlary diýseň köpdür...
Indi bolsa, bu günki jemi jemlenen marafona gaýdyp geleliň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Baş binasy bu gün köp adamly boldy. Köpsanly kitapsöýüji ýaşlar bu ýere jemlendi. Halypa diplomatlar ýeňiji bolmagy başaran talyp ýaşlara kitap okamak we onuň peýdalary, şeýle-de Gylyç Kulyýewiň bu eseriniň ähmiýeti we özleriniň durmuş iş tejribesi barada gyzykly gürrüňler berdiler. Halypalaryň bu aýdanlary ýaşlaryň geljekki durmuş ýolunda görelde mekdebi boljakdygyna şübhe ýokdur.
Soňra bäsleşige gatnaşyp deň-duşlaryndan saýlanmagy başaran kitaphon ýaşlara gurnaýjylar tarapyndan taýýarlanan Hormat hatlaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Dabaradan soň çykyş eden talyplar özleriniň ýürek buýsanjyny we marafonyň çekeleşikli hem-de gyzgalaňly geçendigi barada, şeýle hem bäsleşige gören taýýarlyklary, öwrenen zatlary barada aýdyp geçdiler.
Marafon - diňe bir bäsleşik hökmünde geçmän, eýsem bu kitapsöýüji ýaşlar üçin özara pikir alyşmaga giň meýdança bolup hyzmat etdi. Bu bolsa guramaçylaryň çeken zähmetiniň ýerine düşdügidir.
Seýli ARYŞOW