Iň täze habarlar

Türkmen hünärmenleri BSG hünärmenleriniň Şweýsariýadaky okuw malahatyny tamamladylar

15.10.2024 | 18:40 |
 Türkmen hünärmenleri BSG hünärmenleriniň Şweýsariýadaky okuw malahatyny tamamladylar

Geçen hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň sekretariaty BSG-ä goşulýan ýurtlaryň wekilleri üçin bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna Türkmenistandan Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (1).jpeg

Okuw maslahatynyň dowamynda BSG-a agza bolmak boýunça işler alyp barýan ýurtlaryň wekillerini harytlaryň söwdasy boýunça gepleşikleri geçirmegiň ugurlary, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçiriliş düzgünleri we maksatlary babatynda BSG-nyň bilermenleri tarapyndan bilim aldylar. Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak üçin işleri alyp baran ýurtlaryň tejribelerinden öwrenip boljak esasy sapaklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň we Braziliýanyň BSG-da gepleşikleri alyp barýan wekilleri tarapyndan özleriniň tejribelerini paýlaşdylar we birnäçe maslahatlar berdiler.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (2).jpeg

Bu okuw maslahatynyň çäklerinde meýilnamalaşdyryş usullaryna, pudaklaýyn çemeleşmelere we ikitaraplaýyn bazara giriş şertnamalaryny birleşdirmäge we barlamaga aýratyn üns bermek bilen, harytlara goşulmak bilen baglanyşykly söwdanyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin taýýarlyk geçirildi.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (3).jpeg

Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt derejesini alanyndan bari bu ugurda işleri has-da işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda BSG-a agza bolmak boýunça esasy taýýarlanylmaly resminamanyň, ýagny Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ylalaşygyň deslapky taslamasy BSG-nyň Sekretariaty bilermenleri we ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem gutarnykly taslamasy jemlemek boýunça işler alnyp barylýar.

15102024-turkmenskie-specialisty-proshli-uchebnyj-kurs-ot-ekspertov-vto (5).jpeg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: